СДЕЛАЙТЕ СВОИ УРОКИ ЕЩЁ ЭФФЕКТИВНЕЕ, А ЖИЗНЬ СВОБОДНЕЕ

Благодаря готовым учебным материалам для работы в классе и дистанционно

Скидки до 50 % на комплекты
только до

Готовые ключевые этапы урока всегда будут у вас под рукой

Организационный момент

Проверка знаний

Объяснение материала

Закрепление изученного

Итоги урока

Suw damjasy , diwarlyk

Категория: Всем учителям

Нажмите, чтобы узнать подробности

Просмотр содержимого документа
«Suw damjasy , diwarlyk»

Suw damjasy –altyn dänesi

Suw – ýaşaýan palanetamyzda iň köp ýaýran organiki däl birleşme bolup, tebigatda suwuk, gaty, gaz halynda saklanýar. Suw ähli ýaşaýyş hadysalarynyň esasydyr, fotosintez hadysasynda kislorodyň ýeke-täk çeşmesidir. Suw diňe bir suw toplumlarynda däl-de, howanyň we topragyň, ähli janly-jandarlaryň düzüminde, umuman, biosferanyň ähli çäklerinde saklanýar. Janly organizmler özleriniň biomassasynda 80-90%-e çenli suwy saklaýar we onuň 10-20%-iniň ýitirilmegi ölüm howpuny abandyrýar.

Ülkämiziň suw baýlyklary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Çünki suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerurdyr. Şeýle agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda suw meselesinde bitirilýän ägirt uly işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňelýär.

Hormatly Prezidentimiz suw barada amala aşyrýan döwlet syýasatynda ekerançylykda we senagatda ulanylan suwlary gaýtadan ulanmak arkaly suw goruny artdyrmaklyga, suw baýlyklaryny tygşytlamaklyga we ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmaklyga, suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalardan giňden peýdalanmaklyga, şeýle-de öz raýatlarymyzyň ýokary hilli agyz suwy bilen üpjünçiligini yzygiderli artdyrmaklyga aýratyn uly üns berýär.



Saglygym- baýlygym

Abraý isleseň – köp diýme, saglyk isleseň – köp iýme.

* * *

Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz.

* * *

Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok.

* * *

Garybyň baýlygy – jan saglygy.

* * *

Saglygynda kör enem, ölende badam gözli.

* * *

Saglyk isleseň – köp iýme, hormat isleseň – köp diýme.

* * *

Iýeniň – az, saglygyň – saz.

* * *

Jan saglygynyň ýüzi –  geljege, kynçylyklaryňky bolsa geç mişe sarydyr.

* * *

Bar zadyň sakasy saglyk.

* * *

Jan  saglygy  –  beden  azatlygy,  başyň  dikligi  bolsa  –  akyl azatlygydyr.