Sanly ulgamyň mümkinçilikleri
Berkarar döwletiň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda işjeňligi barha giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetimiziň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, şol sanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurdumyzda her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde goýýan giň möçberli wezipesi sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirkizaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri geçirmekden ybaratdyr.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmekligi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligiüpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Dünýä ösüşiniň hazynasyna uly goşant goşan şöhratly ata-babalarymyz örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehniki ösüşine goşulmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir.Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hem ýokary hünärli,ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şonuň bilen baglylykda,inowasiýalary,öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek,onuň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak möhüm wezipedir.
Bilim edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrylýar,bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär,bilim bermegiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary giňden ulanmak maksadynda bilim bermegiň sanly ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda işjeňleşdirilýär. Bu ulgama ylmyň öňdebaryjy okatmagyň kämil usullary giňden ornaşdyrylýar. Häzirki zaman özgertmeleri bu ulgamyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirmegiň barşynda mekdebimizde ösen tehnologiýalaryň hyzmatlaryndan giňden peýdalanýarys.
Mekdebimiziň sanly ulgamynda dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary (elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalary, tanyşdyryşlary, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalary we ş.m.) giňden ulanylýar.
Mugallymlarymyz mekdebimiziň sanly ulgamyndan, multimedia serişgelerinden netijeli peýdalanýarlar.
Mekdebimizde online sapaklary geçirilýär.
Sanly ulgam ýurdumyza bütindünýä maglumat giňişligine goşulmaga giň ýol açyldy. Şu mümkinçiliklerinden peýdalanyp biziň okuwçylarymyz birnäçe diplomlar bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň ýokary we ýörite okuw merkezlerinde okaýan talyplar bilen online
arkaly söhbetdeşlik geçirdik. Şol söhbetdeşligimizde okaýan talyplar özleriniň okaýan mekdebinde sanly bilim ulgamyndan nähili peýdalanýandyklaryny gürrüň berdi.
Häzirki wagtda mekdeplerimiziň okuw kitaplary elektron görnüşinde berlendir. Ýurdumyzda sanly bilimi we ykdysadyýeti ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!