Ilkinji jaň sesi
Bitaraplyk ýoly – dünýä nusga göreldämiz
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.
Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Şu nukdaýnazardan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi, birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir.
Bitaraplyk – Dillermiziň Dessany
Köňülleriň penasyna, dillerimiziň senasyna öwrülen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygy golaýladygyça, döredijilik işgärleriniň ýakymly aladalary barha artýar. Bu şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak – ähli watandaşlarymyz üçin uly bagt, belent mertebe. Ýöne, bu uly toý, şanly sene döredijilik işgärleriniň öňünde has-da uly borçlary, täze wezipeleri goýýar. Sebäbi, şahyrlar öz ylham dünýäsinden gaýnap çykýan goşgulary, poemalary, odalary bilen Gahryman Arkadagymyzyň belent pähim-paýhasyndan täze many-mazmuna beslenen hemişelik Bitaraplygymyzy wasp etmegi maksat edinýärler. Ýurdumyzyň aýdymçylary, bagşylary, kompozitorlary şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap Bitaraplyk hakynda täze aýdymlaryň birnäçesini döreden bolsalar-da, ýene has kämil, täze aýdym-sazlary döretmegiň arzuwynda. Teatr işgärleri, artistler, režissýorlar hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan dost-doganlyk, hoşniýetlilik, agzybirlik hakynda täze sahna eserlerini, teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlary halka ýetirmegiň aladasynda. Suratkeşler, zergärler, heýkeltaraşlar bolsa, şekillendiriş sungatynda Bitaraplygymyzy çeper wasp etmek üçin, täze eserleri döretmegiň aladasy bilen ýaşaýarlar.
Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatyna-da oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynançly garaýar. Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr. Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag , belent başy aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Dillermiziň senasyna öwrülip,
Bitaraplyk bu gün şuglasyn saçýar.
Halk bagtynyň baky binýady bolup,
Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar.
Asuda asmanda parlap tugumyz,
Göwünlere ganat berýär, joş berýär.
Abadandyr, parahatdyr ýurdumyz,
Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar
Bir-birege sarpa goýlup ýaşalýar,
Myhman gelse giňden gujak açylýar.
Bu asylly däpler gadymdan gelýär,
Bitaraplyk bu gün dýnýä ýaň salýar.
Öňe alyp barýan Arkadagym bar,
Bolsun oňa şandyr şöhrat baky ýar.
Ýurdumyz erkana halkym bagtyýar,
Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny älem-jahana dabaralandyrýar.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şol seneden soň biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, milli Liderimiziň iň abraýly halkara maslahatlarynyň münberlerinden yglan edýän döwrüň talap edýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde ýyl-ýyldan barha uly goldawa eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli hem-de ýokary derejede üstünlikli döwletara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar. Ol bolsa adamzadyň bähbitlerine kybap gelýär. Mundan başga-da, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesi ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly gitmäge mümkinçilik berip, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyna öwrüldi.
BITARAPLYGA BUÝSANÇ
Bitaraplygyň öz düzgünleri bar
–Parahatçylygy jandan söýmekdir
.Gatyşmazlyk gaýry döwlet işine,
Olaň bitewligne hormat goýmakdyr.
Bitaraplyk syýasatyn makullap,
Hukuk derejämiz edýäris berjaý.
Dünýä döwletlerne açyk kalbymyz,
Sylagy, sarpany saklap göwnejaý
Sebit hem halkara derejesinde
Bitaraplyk bize aýdyňlyk berdi.
Abadan durmuşda rahat ýaşaýan,
Bagtyýar adamlaň aňyn ösdürdi.
Aşgabadymdaky sebit merkezde
Birbirege dogan illeri gördüm.
Dünýä ýaryşlarnyň mesgeni boldy
Garaşsyz, Bitarap mähriban ýurdum.
Görýäs Diýarymyň galkynyşyna
Bitaraplygmyzyň goşant gatanyn.
Arkadagyň ýakyn ýardamy bilen
Ösdi, ösýär, ýene öser Watanym.
BITARAPLYK – BAŞYMYZYŇ PENASY
Wysal boldy pederlermiň arzuwy,
Ýaňlananda Garaşsyzlyk senasy.
Aldyk BMGniň ykrarnamasyn.
Bitaraplyk – başymyzyň penasy.
Ösüşlerimize buýsanjymyzdyr,
Ykbalmyz göteren täk bijämizdir
Hem Halkara hukuk derejämizdir,
Bitaraplyk – başymyzyň penasy.
Täzeleniş höküm sürýär ilimde,
Dünýä çykdyk ylym bilen bilimde.
Agzybirlik baky aýdym dilimde,
Bitaraplyk – başymyzyň penasy.
Ynsanperwerlik hem dostlugmyz biziň
Aýdyň ýoly ata babalarmyzyň.
Özgertdi görküni obalarmyzyň
Bitaraplyk – başymyzyň penasy.
Berkarardyr, bagtyýardyr bu Diýar,
Başynda Gahryman Arkadagym bar.
Çawy dünýä, asyrlara uzaýar,
Bitaraplyk – başymyzyň penasy.
Görýäs Diýarymyň galkynyşyna
Bitaraplygmyzyň goşant gatanyn.
Arkadagyň ýakyn ýardamy bilen
Ösdi, ösýär, ýene öser Watanym.
BITARAPLYGA BUÝSANÇ
Bitaraplygyň öz düzgünleri bar
–Parahatçylygy jandan söýmekdir
.Gatyşmazlyk gaýry döwlet işine,
Olaň bitewligne hormat goýmakdyr.
Bitaraplyk syýasatyn makullap,
Hukuk derejämiz edýäris berjaý.
Dünýä döwletlerne açyk kalbymyz,
Sylagy, sarpany saklap göwnejaý
Sebit hem halkara derejesinde
Bitaraplyk bize aýdyňlyk berdi.
Abadan durmuşda rahat ýaşaýan,
Bagtyýar adamlaň aňyn ösdürdi.
Aşgabadymdaky sebit merkezde
Birbirege dogan illeri gördüm.
Dünýä ýaryşlarnyň mesgeni boldy
Garaşsyz, Bitarap mähriban ýurdum.
Görýäs Diýarymyň galkynyşyna
Bitaraplygmyzyň goşant gatanyn.
Arkadagyň ýakyn ýardamy bilen
Ösdi, ösýär, ýene öser Watanym.
BITARAPLYK DIÝMEK BAKY BARLYKDYR
Berkarar döwletim baky Bitarap,
Bitaraplyk – rahatlygyň kepili
Guwanýarys oňa aýap hem gorap,
Misli gözümiziň göreji ýaly.
Dünýäniň halklary etdiler ykrar,
BMGniň taýsyz kepilligi bar.
Bitarap döwletiň bagtly iliniň,
Dostluk goly çar tarapa uzaýar.
Ünjüsiz ugrasa körpeler baga,
Mekdeplere barsa bilim almaga,
Heý, şundan zyýada bagt barmy näme?!
Hakly biz bu bagta tüýs guwanmaga.
Daýhan gudratyndan harman beýgelýär,
Işçiň yhlasyndan şöhratşan gelýär.
Bitaraplyk ýolun ýörelge eden
Watanyň abraýy äleme dolýar.
Arkadagyň pähimine ýugrulan,
Arkadagyň paýhasyndan nurlanan,
Bitaraplyk diýmek baky barlykdyr,
Il bagtydyr asal kimin durlanan.
BU GÜN
Garaşsyz, Bitarap berkarar ýurtda
Bagtyýarlygmyzy söýýäris bu gün.
Pederleň mirasyn, sarpasyn saklap,
Watanyň mährine çoýýarys bu gün.
Arkadag pähimi kalpda ýerledi,
Ylym pajarlady, şertler döredi.
Türkmenistan boldy bilimler ýurdy,
Ýurduň galkynanyn duýýarys bu gün.
Myhmany garşylap islän çagy biz,
Goňşulaňka baryp islän çagymyz,
Agzybirlik bolup baş şygarymyz,
Dostlarmyz dogan dek saýýarys bu gün.
BUÝSANÝAN
Pyragynyň küýsän döwrüne ýetdik,
Garaşsyzlyk ýyllaryma buýsanýan.
Dünýä ykrar bolan döwlet döretdik,
Bitaraplyk gollaryma buýsanýan.
Iň bagtly adamlar ýaşaýar munda,
Arzuwlanyň wysal bolýar her günde.
Gojalaryň gujurlaryn göreňde,
Olaň artýan sallaryna buýsanýan.
Diňläp doýmaýarsyň eşret mukamyn,
Köýtendag, Awaza–jennet mekanym
.Mukaddes topragňa gurbandyr janym,
Hoş, sapaly günlerime buýsanýan.
Mähre ýugrup dostdoganlyk halyny,
Şana besläp Beýik Ýüpek ýoluny,
Jahana tanadyp türkmen ilini,
AmulHazar ýollaryma buýsanýan.
Watan, seň barlygyň – meniň barlygym,
Duýup Arkadagyň Howandarlygyn,
Waspyny ýetirip bagtyýarlygyň,
Şat saýraýan dillerime buýsanýan.
DIÝARYM
Söýýäs Watanmyzy deňäp göreje,
Öz elimde erkim hem ygtyýarym.
Bitaraplyk berdi şeýle dereje,
Barha rowaçlanýar eziz Diýarym.
Mirasym sarpalap çuň hormat goýýas,
Bu gün ösüşlere buýsanýas, söýýäs.
Geljegmiziň röwşen boljagny duýýas,
Barha rowaçlanýar eziz Diýarym.
Dostdoganlyk ýoly degredaşymyz,
Ruhubelent tutup merdem başymyz,
Özümiz öndürýäs, ýok teşwüşimiz,
Barha rowaçlanýar eziz Diýarym.
Mermerden gurnalýan binalarmyz kän,
Awaza taý geljek mesgen barmykan?!
Dowamly ýaňlanýar bagtyýar mukam,
Barha rowaçlanýar eziz Diýarym.
Buýsanjym ýürekden, sözümiň nagty:
Bitaraplyk berdi sowulmaz bagty.
Arkadagyň kämil aňsahawaty,
Barha rowaçlanýar eziz Diýarym.
GARAŞSYZ, BITARAP WATAN
Bu gün ösüşleriň goýýar haýrana,
Meniň ýeketägim, ak daňy atan.
Taýyňy tapmaryn baksam çar ýana,
Garaşsyz hem baky Bitarap Watan.
Dostdogan edýäris ýakynýady biz,
Dünýä doldy merdem türkmen adymyz.
Nusgalykdyr mermer Aşgabadymyz,
Garaşsyz hem baky Bitarap Watan.
Ýüpek ýoluň ýüregidir Diýarym,
Jenneti bagymda ýetişdi barym.
Waspyň edýär dutar, gyjagym, tarym,
Garaşsyz hem baky Bitarap Watan.
Dag, düzüň howasy jana tenekar,
Kalbyňy joşdurýan çeşmeçaýlaň bar.
Merjen Awazaňy görenler küýsär,
Garaşsyz hem baky Bitarap Watan.
Türgenleriň ýeňşi dünýä meşhurdyr,
«Görogly», «Küştdepdi» – mirasyň bardyr.
Berkarar döwletde il bagtyýardyr,
Garaşsyz hem baky Bitarap Watan.
GOŞA GANAT
Diýarymda bagta ýetirdi ili,
Bitaraplyk hemde parahatçylyk.
Beýik ösüşleriň, bagtyň kepili,
Bitaraplyk hemde parahatçylyk.
Juwan ýaşa ýetdi Bitarap ýurdum,
Onda Arkadagyň paýhasyn duýdum.
Ýaňlanýar gursakda öçmejek aýdym:
Bitaraplyk hemde parahatçylyk.
Bar baýlygyň hak eýesi özümiz,
Barha artýar nebitimiz, gazymyz.
Budur biziň sežde edýän sözümiz:
Bitaraplyk hemde parahatçylyk.
Aşgabat gurulýar mermer synadan,
Haýran oňa bu gün gören, syn eden.
Barha rowaçlanýar beýik Danadan,
Bitaraplyk hemde parahatçylyk.
Agzybirlik bilen beýgelýär Diýar,
Beýik ösüşlere dünýä diň salýar.
Kalplarymyza baky ruh bolup dolýar
Bitaraplyk hemde parahatçylyk.
BUÝSANÇ
Türkmen ruhy bolup, akja kepderim
– Alasmanda ganat kakýar, ýaýnaýar.
Erkinlik şemaly ornap törüne,
Ýürekleň mukamy dünýä ýaýraýar.
Bitaraplyk berdi bize bu bagty,
Toýlar goşalanýar biziň illerde.
Agzybirlik Asudalyk, Jebislik,
Hem dostluk ýaňlanýar dürli dillerde.
Tanyşlar dost bolýar, dostlarmyz dogan,
Goňşular hossar deý ýakyn görülýär.
Şatlanýarlar birbiriniň ýeňşine
Buýsanjymyz ýüzlermizden görünýär
.Berkararlyk, bagtyýarlyk döwrümiz,
Dünýä nusga etdik ylym bagyny.
Başymyza täç ederis elmydam
Baky bagt bagş eden Arkadagymy.
opragyň melhemdir, suwlaryň derman,Saňa bolan söýgim Alladan perman.Gerek bolsa saňa bu başym gurban,Garaşsyz, Bitarap, eziz Watanym. – 2 gezekGaýtalama:Nebit-gazly Watanym,Aýdym-sazly Watanym,Baky solmaz bagtyýar,Bahar-ýazly Watanym!Watan hem halk döndi bir ten, bir jana,Çölleriň büreldi bagy-bossana,Her gülüň mynasyp müňläp dessana,Garaşsyz, Bitarap, eziz Watanym. – 2 gezekGaýtalama.Alla peşgeş berdi bu beýik bagty,Döwlet gurdy halka tylladan tagty,Barýan ýollarymyz ýagtydan-ýagty,Garaşsyz, Bitarap, eziz Watanym. – 2 gezekGaýtalama.2. Sargyt No 3031
Togsan bäşiň dekabrynyň on ikisi
–Ýaşa sen Bitarap Türkmenistanym!
Janym-tenim, päk synamyň on ikisi,
Ebedi Bitarap Türkmenistanym.
Oguz han pederiň eradasynda,
Gahryman Lideriň aladasynda,
Parlaýar ýaşyl Tug al-asmanymda,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.
Goşulmazlyk hereketli ojagym,
Bagtyýardyr bereketli ojagym,
Ak şäher Aşgabat açýar gujagyn,
Galkynan, Bitarap Türkmenistanym.
Ýeňişlerden dörän ol Türkmen köli,
Lälezar eýleýär Garagum çöli.
Awazaň çar ýana açdy ak ýoly,
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym
Ykrar eden ýüz segsen bäş döwletiň
Arasynda asudalyk daragtyň.
Ilmyrat Nowaly diýr baýlygym-bagtym
Ömürlik Bitarap Türkmenistanym
.
Ilkinji jaň kakylýar
Ak mekdebim bu gün gujagyňy aç,
Dergähiňde ilkinji jaň kakylýar.
Dünýäniň ýüzüne ýalkymyňy saç,
Çarbagyňda ilkinji jaň kakylýar.