| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Alym Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hukuk döwletini we raýat jemgyýetini kemala getirmek barada. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Okuwçylara tema barada giňişleýin gürrüň bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Geçilenlere degişli sorag-jogap alyşmak: 1.Türkmenistan dünýäniň haýsy sebitleriniň ýurtlary bilen daşary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy amala aşyrýar?
2. «Eksport» we «import» düşünjeleri daşary ykdysady gatnaşyklaryň haýsy görnüşlerini
aňladýar?3. Türkmenistan önümleriň haýsy görnüşlerini halkara bazaryna satuwa çykarýar?
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Okuwçylara tema barada giňişleýin gürrüň bermek;
2. Ýaş nesle dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim bermek;
3. Milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek;
4.Olarda özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmak başarnyklaryny kemala getirmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- jemgyýetiň ösüş kanunlaryny, hukuk, ahlak, ykdysady, syýasy we ekologiýa medeniýetiniň esaslaryny;
- anyk maglumatlary, subutnamalary kesgitlenen ulgamy boýunça tapawutlandyrmaklygy ;
- medeniýetiň görnüşlerini we olaryň bilim, ylym we din bilen baglanyşygyny seljermekligi.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- özbaşdak pikirlenmekligi;
- bazar ykdysadyýeti we hukuk döwleti şertlerinde erkin hereket etmeklige uýgun adamlar-şahsyýetler bolmagy;
- sosial prosesleriň sebäp-netije arabaglanyşygyny beýan etmekligi.
Alym Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hukuk döwletini we raýat jemgyýetini kemala getirmek barada.
Syýasy gurşaw jemgyýetiň iň çylşyrymly gurşawy hasaplanylýar. Bu gurşawyň çäginde döwlet bilen raýatlaryň, jemgyýeti düzýän dürli sosial gatlaklaryň (esasan, synplaryň),
adamlaryň ol ýa-da beýleki bir toparlarynyň bähbitlerini araýan jemgyýetçilik we syýasy guramalaryň (esasan, syýasy partiýalaryň), özara gatnaşyklary (esasan, döwlet
häkimiýeti bilen baglanyşykly) bolup geçýär. Bu gurşawda esasy orun jemgyýetde syýasy häkimiýet wezipesini ýerine ýetirýän edara – döwlete degişlidir. Bu edarany adamlar jemgyýet bolup ýaşamak üçin özlerine iň zerur bolan zatlaryň biri hökmünde gadym döwürlerde döredipdiler.
Döwletiň syýasy häkimiýet hökmünde çykyş edýän edaralygy sebäpli, bize onuň düýp mazmunyna doly göz ýetirmek üçin, ilkinji nobatda, «syýasat» we «häkimiýet» diýen düşünjeleriň üstünde durup geçmegimiz gerek. Şondan soň biz döwletiň döreýiş taryhy, tebigaty, döwletleriň görnüşleri we esasy alamatlary hakynda, Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň aýratynlyklary barada, hususan-da, Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda, raýat jemgyýetini Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hukuk döwletini gurmak we raýat jemgyýetini kemala getirmek barada. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň prezidentlik wezipesine «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, girişen ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanda beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletiniň gurulmagy ugrundaky işleri döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň
birine öwürdi. Bu ugurda alnyp barylan işleriň netijesinde Türkmenistanda taryhy nukdaý nazardan seredilende örän az wagtyň içinde berkarar döwletiň ygtybarly kanunçylyk binýady emele getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy işlenilip düzüldi, döwlet dolandyrylyşynyň, ýurduň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşiniň häzirki döwrüň barha ösýän talaplaryna laýyk getirilmegine gönükdirilen kanunçylyk resminamalarynyň uly toplumy kabul edildi.
5. Täze temany berkitmek:Sorag-jogap alyşmak:
1.Syýasy gurşaw jemgyýetiň nähili gurşawy hasaplanylýar?
2. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň prezidentlik wezipesine «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, halkyna nähili aladalar edýär?
3. Raýat jemgyýeti diýip nämä düşünýärsiňiz?
6.Öý işini tabşyrmak:
a) Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak: §1, sah7-12
b) Nutuk ýazyp gelmeklerini tabşyrmak.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
-Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Ýazan mugallym: _______________________________________________
Bellik:__________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Syýasat düşünjesi.Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasatyň wezipeleri. Syýasy aň we syýasy ideologiýa. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Syýasat düşünjesi.Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasatyň wezipeleri. Syýasy aň we syýasy ideologiýasy barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Garyşyk sapak. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Alym Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hukuk döwletini we raýat jemgyýetini kemala getirmek barada temany soramak. Ýazyp gelen nutuklaryny barlamak.
3. Okuwçylaryň bilimini dilden soramak arkaly barlamak:Sorag-jogap alyşmak:
1. Häkimiýet wezipesini ýerine ýetirýän edara näme diýilýär?2. “Syýasat” we “häkimiýet” diýen düşünjesine nähili düşünje berip bilersiňiz?3. Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hukuk döwletini gurmak we raýat jemgyýetini kemala getirmek barada düşündiriň.
4. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
5.Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Syýasat düşünjesi.Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasatyň wezipeleri. Syýasy aň we syýasy ideologiýasy barada düşünje bermek;
2 Konsepsiýa laýyklylda bilim bermek;
3. Okuwçy ýaşlara jemgyýet hakyndaky ylmy garaýyşlaryň ösüş taryhy, jemgyýetiň gurluşy we düzümi, jemgyýetçilik durmuşynyň esasy taraplary bilen baglanyşykly düşünjeleri bermegi;
4.Olarda özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmak başarnyklaryny kemala getirmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- dürli çeşmelerden sosial we ykdysady maglumatlary almaklygy;
- özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanyp;
- ýüze çykýan meseleleri integrirläp bir topluma getirmekligiň ýollaryny tapmaklygy.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmagy;
- häzirkizaman köpçülikleýin kommunikasion serişdelerini ulanmagy;
- öz bilimini kämelleşdirmek we tebiýelemek, jemgyýetde öz ornuňy tapmagy .
Syýasat düşünjesi.Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasatyň wezipeleri. Syýasy aň we syýasy ideologiýa.
Syýasat düşünjesi. Syýasat diýen söz türkmen diline ir aralaşan arap-pars sözleriniň biri bolup, ol köplenç «güýç görkezmek», «haýbat atmak» ýaly manylarda ulanylypdyr.
Bu sözi hut şu manyda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary hem giňden ulanypdyrlar.
• Syýasy işleri amala aşyrýan işgärleri seçip almak we olary hünär derejesine, ahlak sypatlaryna, syýasy iş bilen baglanyşykly tejribesine laýyklykda ýerli-ýerine goýmak. Syýasy aň we syýasy ideologiýa. Elbetde, syýasy işi şowly amala aşyrmaklyk üçin döwlet häkimiýetinde işleýänleriň-de, syýasy-jemgyýetçilik toparlara ýolbaşçylyk edýänleriň-de, ýönekeý raýatlaryň-da syýasy taýdan sowatly bolmaklygy, ýagny olaryň syýasy aňynyň we syýasy medeniýetiniň derejesiniň ýokary bolmaklygy zerur. Mysal üçin, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň belli goşgularynyň birinde «Elbetde, duşmana syýasat ýagşy» diýilse, Mämmetweli Keminäniň goşgularynyň birinde «Duşman görse, çykar syýasat bile» diýen ýaly setirler duş gelýär.Häzirki zaman türkmen dilinde «syýasat» düşünjesi düýbünden başga öwüşginde, esasan, döwlet häkimiýetiniň dolandyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler babatynda ulanylýar.Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasat jemgyýetçilik durmuşynda uly rol oýnaýar. Döwletiň ýöredýän syýasatynyň hili, möçberi, ugurlarynyň dürlüligi, ol syýasatda haýsy meseleleriň ileri tutulýanlygy jemgyýetde ýaşaýan her bir adamyň ykbalyna öz täsirini ýetirýär. Syýasat näçe dogry we sowatly ýöredilse, şonça-da ilatyň ýaşaýyş durmuşy gowulaşýar, jemgyýetde asudalyk, agzybirlik höküm sürýär.Hut şoňa görä-de, syýasat bilen baglanyşykly meseleler adamlary içgin gyzyklandyrýar.Syýasatyň wezipeleri. Syýasatyň wezipeleri. Syýasy edaralaryň we guramalaryň alyp barýan işleri, esasan, belli bir jemgyýetçilik maksatlaryny durmuşa geçirmeklige gönükdirilendir. Syýasy işiň esasy wezipeleri, adatça, aşakdakylardan ybaratdyr:• Jemgyýet üçin zerur bolan gysga we uzak möhletli maksatlary kesgitlemek;
• Öňde goýlan maksatlary amala aşyrmagyň esasy ugurlaryny kesgitlemek;
• Şol maksatlary amal etmeklige gatnaşmaly güýçleri bir ýere jemlemegiň amatly usullaryny we ýollaryny tapmak;
6. Täze temany berkitmek:1.Syýasat düşünjesi barada düşündiriň.2.Syýasatyň jemgyýetdäki orny barada aýdyp beriň.3. Syýasy işiň esasy wezipeleri nämelerden ybaratdyr?
7.Öý işini tabşyrmak:a)Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak : §1. Sah 12-15
b) Soraglara jogap ýazyp gelmek.
8. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
-Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Ýazan mugallym: _______________________________________________
Bellik:__________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Syýasy häkimiýet. Häkimiýet düşünjesi. Häkimiýetiň düýp mazmuny. Häkimiýetiň düzüm bölekleri. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Syýasy häkimiýet. Häkimiýet düşünjesi. Häkimiýetiň düýp mazmuny. Häkimiýetiň düzüm bölekleri barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Leksiýa sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Syýasat düşünjesi.Syýasatyň jemgyýetdäki orny. Syýasatyň wezipeleri. Syýasy aň we syýasy ideologiýa diýen temany soramak.Sorag-jogap alyşmak:
1. Syýasat düşünjesi näme?
2. Syýasat jemgyýetçilikde nähili orun tutýar?
3. Syýasy işiň maksady näme?
3.Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
4. Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Syýasy häkimiýet. Häkimiýet düşünjesi. Häkimiýetiň düýp mazmuny. Häkimiýetiň düzüm bölekleri barada düşünje bermek;
2. Ýaş nesle öňdebaryjy halkara tejribesine laýyk gelýän derejede bilim bermek we terbiýelemek;
3. Giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň bolmaklary;
4. Edepli-ekramly , ýokary hünärli adamlaryň bolmaklary.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- özleriniň raýatlyk hukuklaryny we borçlaryny;
- umumyadamzat gumanistik (ynsanperwerlik) we demokratik gymmatlyklar esasyny;
- jemgyýet we sosial gurluşy, jemgyýetiň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy milli däp-dessurlary;
- dürli çeşmelerden sosial we ykdysady maglumatlary almaklygy.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- jemgyýeti kämilleşdirmäge ymtylýan adamlar bolmagy;
- watansöýüji, döwlet nyşanlaryna sarpa goýýan adamlar bolmagy;
- sosial orny we derejesi; häzirkizaman jemgyýetinde öz ornuny tapmagy.
Syýasy häkimiýet. Häkimiýet düşünjesi. Häkimiýetiň düýp mazmuny. Häkimiýetiň düzüm bölekleri.
Häkimiýet sözi hem türkmen diline ymykly aralaşan arappars sözleriniň biri bolup, onuň «höküm etmek» , «emir etmek» ýaly manylary bar. Şol sebäplide, häkimiýetiň düýp
mazmuny onuň haýsyda bolsa bir adamyň ýada toparyň başga bir adama ýada topara ýolbaşçylyk etmegi, has dogrusy, üstünden agalyk etmegi bilen baglanyşdyrylýar. Şu
manyda alnanda, «häkimiýet» sözüniň «höküm» düşünjesi bilen manydaşlygy aýdyň duýulýar. Sebäbi agalyk edýän tarap özüniň tabynlygyndaky tarapa bellibir tabşyryklary
ýerine ýetirmekligi höküm edip bilýär. Görşümiz ýaly, häkimlik etmekligiň esasy şerti onuň bir tarapynda tabşyryk berýän, ýumuş buýurýan (höküm edýän) tarap, beýleki bir tarapynda bolsa şol tabşyryklary ýerine ýetirmäge borçly tarap bolmaly. Häkimiýetiň düzüm bölekleri. Her bir häkimiýet hem özboluşly ulgamdyr. Onuň hem edil beýleki ulgamlaryňky ýaly, öz düzüm bölekleri we elementleri bar. Häkimiýetde agalyk edýän tarap häkimiýetiň subýekti, tabynlykdaky tarap bolsa onuň obýekti hökmünde çykyş edýär. Islendik häkimiýetiň özüne degişli çeşmeleri bolup, olara, esasan, güýç, abraý, baýlyk, däp-dessurlar we kanun degişlidir. Häkimlik edýän tarapyň tabynlykdaky tarapy berlen
tabşyryklary ýerine ýetirmeklige borçly edýänligi üçin onuň degişli serişdeleri hem bolmaly. Şeýle serişdeleriň hataryna höweslendirmek, güýç görkezmek, kabul edilen düzgünleri we kadalary ulanmak ýaly serişdeler girýär. Her bir häkimiýet degişli wezipeleri ýerine ýetirýär. Olar, esasan, dolandyrmak, ugrukdyrmak, sazlaşdyrmak ýaly wezipelerden ybaratdyr. Häkimiýetiň esasy görnüşleri. Häkimiýetiň kanunalaýyklygy. Jemgyýetçilik durmuşynda häkimiýetiň dürli görnüşleri gabat gelýär. Mysal üçin, maşgalada ene atalar öz çagalarynyň üstünden özboluşly agalyk edip, öz hökümini ýöredip bilýär (dürli tabşyryklar we ýumuşlar berip, çagalaryny belli bir işleri ýerine ýetirmeklige borçly etmek arkaly). Mekdep mugallymy hem okuwçylara tabşyryklar berýär. Okuwçylar bolsa, kabul edilen düzgünlere laýyklykda berlen tabşyryklary ýerine ýetirýärler. Edaranyň (kärhananyň, guramanyň) ýolbaşçylary öz işgärleriniň üstünden garap, olara dürli tabşyryklar berip bilýär.
5.Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:
1. Häkimiýetiň düzüm böleklerini sanaň.
2. Syýasy häkimiýet diýmeklik nämäni aňladýar?
3. Döwletiň esasy alamatlaryna nämeler degişli?
6. Öý işini tabşyrmak:a)Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak : §2. sah15-17.
b) Soraglara jogap ýazyp gelmek.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
-Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Ýazan mugallym: _______________________________________________
Bellik:__________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Syýasy häkimiýet. Häkimiýet düşünjesi. Häkimiýetiň düýp mazmuny. Häkimiýetiň düzüm bölekleri. Sorag-jogap alyşmak: 1. Häkimiýetiň düzüm böleklerini sanaň.
2. Syýasy häkimiýet diýmeklik nämäni aňladýar?
3. Döwletiň esasy alamatlaryna nämeler degişli?
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar diýen tema barada düşünje bermek;
2. Ýaş nesle öňdebaryjy halkara tejribesine laýyk gelýän derejede bilim bermek we terbiýelemek;
3. Giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň bolmaklary;
4. Edepli-ekramly , ýokary hünärli adamlaryň bolmaklary.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- özleriniň raýatlyk hukuklaryny we borçlaryny;
- umumyadamzat gumanistik (ynsanperwerlik) we demokratik gymmatlyklar esasyny;
- jemgyýet we sosial gurluşy, jemgyýetiň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy milli däp-dessurlary.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- jemgyýeti kämilleşdirmäge ymtylýan adamlar bolmagy;
- watansöýüji, döwlet nyşanlaryna sarpa goýýan adamlar bolmagy;
- sosial orny we derejesi; häzirkizaman jemgyýetinde öz ornuny tapmagy.
Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar.
Döwlet iň gadymy syýasy edaralaryň biridir. Ilkinji döwletler gadym zamanlarda Gündogarda döräpdir. Dünýäniň halklary öz taryhy geçmişleriniň dowamynda döwlet
gurluşynyň gaty kän görnüşlerini ulanyp görüpdirler, döwletsiz ýaşamagyň kynlygyna
ýa-da bolmaýanlygyna göz ýetiripdirler. Döwletiň haýsy zerurlyk esasynda döränligi hakyndaky mesele adamlary gadym döwürlerden bäri gyzyklandyryp gelipdir. Gadymy
ýunan akyldary Aristotel döwletiň döreýşini tebigy hadysa hökmünde düşündiripdir. Onuň pikirine görä tebigatyň özi adamlary jübütleýin birleşmäge itekläp, ýagny aýal bilen erkegi birleşdirip, maşgalanyň döremegine sebäp bolupdyr. Emele gelen maşgalalaryň birnäçesi birleşip, bir umumylygy emele getiripdir. Birnäçe umumylyklaryň emele gelmegi bolsa olaryň goragyny üpjün edýän edaranyň – döwletiň döredilmegine sebäp bolupdyr. Şol sebäpli-de, Aristotel jemgyýete we döwlete şol bir zat hökmünde seredipdir.
Iňlis filosofy Tomas Gobbs (1588 – 1679) döwlet döremezden öň adamlar üýşip, süri-süri taýpalar görnüşinde ýaşapdyrlar diýip tassyklapdyr. Alymyň pikiriçe,ilki olaryň hemmesiniň hukugy deň bolupdyr. Awlanylan haýwanyň eti, ýygnalan hasyl taýpanyň agzalarynyň ýarasynda deň paýlanypdyr. Emma Tomas Gobbs Aristotel soňabaka, adamlaryň häsiýetleriniň deň däldigi, olaryň içinde gowy häsiýetliler bilen bir hatarda diňe öz şahsy bähbidini araýanlaryň, gysgançlaryň, gorkaklaryň we bigaýratlaryň hem barlygy netijesinde, adamlaryň arasynda agzalalyk döräp başlapdyr. Bu ýagdaýdan çykmak üçin, adamlar öz erkinliginiň belli bir bölegini ýörite saýlanylan bir adama ýa-da adamlar toparyna bermäge mejbur bolupdyrlar. Gobbsyň pikiriçe, hut şeýle toparyň peýda bolmagy bilen hem döwlet döräpdir ýa-da, başgaça aýdylanda, döwlet adamlaryň öz erk-islegine görä, tebigy halda, özara jemgyýetçilik şertnamasy görnüşinde dörän daradyr. Fransuz alymy Žan Žak Russo (1712 – 1778) hem Gobbsyň döwletiň «jemgyýetçilik şertnamasy» esasynda döränligini goldapdyr. Ýöne ol bu «şertnamanyň» döremegini ýer eýeçiliginiň peýda bolmagy bilen düşündiripdir. Ýeriň bir böleginiň daşyna gabaw aýlap, ol ýere «bu ýer meniňki» diýen ilkinji adamyň peýda bolmagy we ony bolsa belli bir toparyň ykrar etmegi ýer eýeçiliginiň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Ýeriň hususy emläge öwrülmegi netijesinde bolsa adamlaryň arasyndaky öňki deňlik ýitipdir, deňsizlik döräpdir. Deňsizligiň döremegi bolsa adamlaryň arasynda gapma-garşylyklaryň, dawa- ‑jenjelleriň, uruşlaryň bolmagyna getiripdir.
5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:
1.Döwlet düşünjesine kesgitleme beriň.
2.Döwletiň gelip çykyşy baradaky nazaryýete nähili düşünýärsiňiz?
3. Döwletiň alamatlary nämelerden ybarat?
6.Öý işini tabşyrmak:a)Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak : §2, sah.19,20.
b) Soraglara jogap ýazyp gelmek.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
-Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Ýazan mugallym: _______________________________________________
Bellik:__________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar diýen temany soramak.
Sorag-jogap alyşmak:
1.Döwlet düşünjesine kesgitleme beriň.
2.Döwletiň gelip çykyşy baradaky nazaryýete nähili düşünýärsiňiz?
3. Döwletiň alamatlary nämelerden ybarat?
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar diýen tema barada düşünje bermek;
2. Ýaş nesle dünýä ülňülerine gabat gelýän bilim bermek;
3. Milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek;
4.Olarda özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmak başarnyklaryny kemala getirmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- jemgyýetiň ösüş kanunlaryny, hukuk, ahlak, ykdysady, syýasy we ekologiýa medeniýetiniň esaslaryny;
- anyk maglumatlary, subutnamalary kesgitlenen ulgamy boýunça tapawutlandyrmaklygy ;
- medeniýetiň görnüşlerini we olaryň bilim, ylym we din bilen baglanyşygyny seljermekligi.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- özbaşdak pikirlenmekligi;
- bazar ykdysadyýeti we hukuk döwleti şertlerinde erkin hereket etmeklige uýgun adamlar-şahsyýetler bolmagy;
- sosial prosesleriň sebäp-netije arabaglanyşygyny beýan etmekligi.
Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar.
Hiç bir döwleti ilatsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi döwlet häkimiýeti belli bir çäkde ýaşaýan adamlaryň üstünden ýöredilýär. Diňe döwleti bolan halk özüni bir bütewi umumylyk – bir millet hökmünde duýýar.Emma taryhda döwleti bolman, özüni aýratyn bir millet hökmünde duýup ýaşan we ýaşaýan halklar hem bar. Mysal üçin, türkmen halky soňky sekiz asyryň dowamynda özüniň özbaşdak döwleti bolmadyk halk. Şeýle ýagdaýda-da, türkmenler özleriniň bir halka degişlilik duýgusyny ýitirmän saklap bilipdirler.Özygtyýarlylyk (suwerenitet). Her bir döwletiň suwerenitetiniň bolmaklygy hem iň zerur alamatlaryň biridir.Suwerenitet sözi «ýokary häkimiýet» diýen manyny aňladýar.Döwletiň suwerenitetiniň bolmaklygy oňa ýurduň çäginde iňýokary häkimiýetiň degişlidigini we ol häkimiýetiň hökmü rowanlygyny aňladýar. Bu bolsa döwletiň ýurdy özbaşdak we garaşsyz dolandyrmaga ygtyýarlydygyny, ýurduň çäginde hut şonuň buýruklarynyň we görkezmeleriniň gutarnyklydygyny aňladýar. Suwereniteti bolan döwlet öz daşary syýasatyny hem garaşsyz ýöretmäge ygtyýarlydyr. Mysal üçin, Türkmenistan häzir doly manyda suwereniteti bolan döwlet, ýagny ol hiç bir başga döwlete garaşsyz halda, özbaşdak hereket edip bilýän döwlet. Emma onuň öňki döwürdäki, ýagny SSSRiň düzüminde bolan döwründäki suwereniteti welin (edil beýleki soýuz respuplikalarynyňky
ýaly), diňe kagyz ýüzünde bolup, howaýy bir zatdy. Dolandyryş diwany (apparaty). Döwlet ýurdy dine özüniň ýörite döredilen edaralarynyň üsti bilen dolandyryp
bilýär. Häzirki zaman döwletleriniň dolandyryş diwany birmeňzeş däldir. Emma her bir döwletde hem şu aşakdaky ýaly edaralaryň ol ýada başga görnüşleri bar:
• kanunlary işläp düzýän wekilçilikli edaralar (parlamentler);
• ýerine ýetiriji we buýruk beriji edaralar (ministrlikler,häkimlikler);
• kanunlaryň we buýruklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaralar (kazyýet edaralary, prokuratura,polisiýa, harby güýçler)
Ýokarda sanalan alamatlardan hem görnüşi ýaly, döwlet jemgyýetçilik durmuşynyň kadaly ýöredilmegi üçin zerurlyk hökmünde taryhy taýdan dörän edaradyr.
5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:
1. Syýasy häkimiýet diýmeklik nämäni aňladýar?
2. Döwletiň esasy alamatlaryna nämeler degişli?
3. Döwletiň gelip çykyşy hakynda nähili garaýyşlar bar?
6.Öý işini tabşyrmak:
a)Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak : §2, sah,22-25.
b) Soraglara jogap ýazyp gelmek.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
-Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Ýazan mugallym: _______________________________________________
Bellik:__________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Döwletiň alamatlary. Döwletiň wezipeleri. Döwlet nyşanlary. |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Döwletiň alamatlary. Döwletiň wezipeleri. Döwlet nyşanlary barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Täze maglumatlary öwretmek sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
Döwlet. Döwletiň gelip çykyşy we tebigaty baradaky garaýyşlar.
a) sorag- jogap arkaly.
b) soragnama bilen
ç) mysallaryň üsti bilen
3. Geçilen temany jemlemek:
4.Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Döwletiň alamatlary. Döwletiň wezipeleri. Döwlet nyşanlary barada düşünje bermek;
2 Konsepsiýa laýyklylda bilim bermek;
3. Okuwçy ýaşlara jemgyýet hakyndaky ylmy garaýyşlaryň ösüş taryhy, jemgyýetiň gurluşy we düzümi, jemgyýetçilik durmuşynyň esasy taraplary bilen baglanyşykly düşünjeleri bermegi;
4.Olarda özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmak başarnyklaryny kemala getirmek.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- dürli çeşmelerden sosial we ykdysady maglumatlary almaklygy;
- özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanyp;
- ýüze çykýan meseleleri integrirläp bir topluma getirmekligiň ýollaryny tapmaklygy;
- anyk durmuş ýagdaýlarynda ýüze çykýan jemgyýet gatnaşyklaryny alnan bilimler esasynda seljermeklik ukyplaryny ýüze çykarmaklygy.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- özleşdirilen bilimleri durmuşda ulanmagy;
- häzirkizaman köpçülikleýin kommunikasion serişdelerini ulanmagy;
- öz bilimini kämelleşdirmek we tebiýelemek, jemgyýetde öz ornuňy tapmagy .
Döwletiň alamatlary. Döwletiň wezipeleri. Döwlet nyşanlary.
Döwletiň alamatlary. Döwletiň 4 sany esasy alamaty bar: 1) çägi, 2) ilaty, 3) özygtyýarlylygy (suwereniteti) we 4) dolandyryş diwany (apparaty). Olaryň her biriniň üstünde aýratynlykda durup geçeliň. Döwletiň çägi. Her bir döwlet haýsy hem bolsa bir
aýratyn alnan çäkde ýerleşýär. Häzirki zaman döwletleri öz çäklerini goňşy döwletleriň çäklerinden serhet zolaklaryny geçirmek arkaly araçäkleýärler. Çäk döwletiň iň wajyp
gymmatlyklarynyň biridir. Her bir döwlet diňe onuň çägi bolan ýagdaýynda hakyky döwletdir. Çäginiň ululygy ýada kiçiligi döwletiň döwlet hökmünde kabul edilmegine täsir
etmeýär. Häzir dünýä ýüzünde çäginiň ölçegi ummasyz uly döwletlerde we ujypsyzja çäkde ýerleşýän döwletlerde bar. Döwlete onuň ýerleşýän çäginiň diňe gury, gaty ýeri degişli däldir. Onuň eýeçiligine şol çägiň ýerasty baýlyklaryda, suwly ýerleride (deňizleri, kölleri, derýalary), üstündäki howa giňişligide degişlidir.Ilat. Hiç bir döwleti ilatsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi döwlet häkimiýeti belli bir çäkde ýaşaýan adamlaryň üstünden ýöredilýär. Diňe döwleti bolan halk özüni bir bütewi umumylyk – bir millet hökmünde duýýar.Emma taryhda döwleti bolman, özüni aýratyn bir millet hökmünde duýup ýaşan we ýaşaýan halklar hem bar.Mysal üçin, türkmen halky soňky sekiz asyryň dowamynda özüniň özbaşdak döwleti bolmadyk halk. Şeýle ýagdaýda-da, türkmenler özleriniň bir halka degişlilik duýgusyny ýitirmän saklap bilipdirler. Özygtyýarlylyk (suwerenitet). Her bir döwletiň suwerenitetiniň bolmaklygy hem iň zerur alamatlaryň biridir. Suwerenitet sözi «ýokary häkimiýet» diýen manyny aňladýar. Döwletiň suwerenitetiniň bolmaklygy oňa ýurduň çäginde iň ýokary häkimiýetiň degişlidigini we ol häkimiýetiň hökmü rowanlygyny aňladýar. Bu bolsa döwletiň ýurdy özbaşdak
we garaşsyz dolandyrmaga ygtyýarlydygyny, ýurduň çäginde hut şonuň buýruklarynyň we görkezmeleriniň gutarnyklydygyny aňladýar.
Döwlet nyşanlary. Häzirki zaman döwletleri barada gürrüň edilende, olaryň ählisiniň diýen ýaly öz döwlet we milli nyşanlarynyň barlygyny bellemek gerek. Döwlet
nyşanlarynyň iň esasylarynyň hataryna Döwlet baýdagy (tugy), Döwlet tugrasy we Döwlet senasy girýär. Her bir döwlet öz döwlet nyşanlarynda öz taryhy gelip çykyşyny,
milli, medeni, syýasy we ykdysady aýratynlyklaryny nyşan görnüşde aňlatmaga çalyşýar.
Her bir döwletiň öz döwlet nyşanlary bolup, ol nyşanlar diňe döwletleri biribirlerinden tapawutlandyrmak üçin zerur bolman, eýsem, olar her bir döwlet üçin kanun esasynda goralýan, ähli halk tarapyndan hormatlanýan mukaddesliklerdir.
5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:
1. Döwletiň gelip çykyşy hakynda nähili garaýyşlar bar?
2. Syýasy liderler diýlip kimlere düşünilýär?
3. Döwlet nyşanlaryny sanaň.
6.Öý işini tabşyrmak:a)Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak : §2, sah.21-25.
b) Soraglara jogap ýazyp gelmek.
7. Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak: Soraglara takyk, dogry jogap beren, sapakda işjeňlik görkezip, temany gürrüň bermäge işjeň gatnaşan okuwçylar atlandyrylyp, olar bahalandyrylýar (bahalar synp žurnalyna, gündeliklere goýulýar).
-Sapakda nämeler öwrendiňiz? Sapak gyzykly geçdimi?
Ýazan mugallym: _______________________________________________
Bellik:__________________________________________________________
Barlan: Müdiriň okuw işleri baradaky orunbasary ___________________
| Mekdebi: | Senesi: | | | |
| Dersiň ady: jemgyýeti öwreniş | Synpy: XI | | | |
| Sapagyň temasy: | Syýasy ulgamyň gurluşy. Monosentristik syýasy ulgam. Plýuralistik syýasy ulgam . |
| Sapagyň maksatlary: | |
| 1)Bilim berijilik maksady: | Syýasy ulgamyň gurluşy. Monosentristik syýasy ulgam. Plýuralistik syýasy ulgam diýen tema barada düşünje bermek. |
| 2) Terbiýeçilik maksady: | Okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, agzybirligi terbiýelemek.Jemgyýete söýgi döretmek. |
| Sapagyň görnüşi: | Leksiýa sapagy. |
| Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar: | Suratlar, soragnamalar, bannerde ýasalan esbaplar. |
Sapagyñ gidişi:
1. Sapagyň guramaçylyk döwri:
1. Salamlaşmak. Gatnaşygy hasaba almak.
2. Okuwçylaryň sapaga taýýarlygyny barlamak.
3. Okuwçylaryň ünsüni sapaga gönükdirmek.
4. Syýasy wakalar bilen tanyşdyrmak.
2. Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak, soramak:
Döwletiň alamatlary. Döwletiň wezipeleri. Döwlet nyşanlary diýen temany soramak.
Sorag-jogap alyşmak:
1. Döwletiň gelip çykyşy hakynda nähili garaýyşlar bar?
2. Syýasy liderler diýlip kimlere düşünilýär?
3. Döwlet nyşanlaryny sanaň.
3. Geçilen temany jemlemek:
Okuwçylaryň jemgyýeti öwreniş dersine degişli bilýän maglumatlaryny jemlemek we täze temany öwretmäge girişmek.
4.Täze temany düşündirmek:
Temany düşündirmegiň meýilnamasy:
1. Syýasy ulgamyň gurluşy. Monosentristik syýasy ulgam. Plýuralistik syýasy ulgam diýen tema barada düşünje bermek;
2. Ýaş nesle öňdebaryjy halkara tejribesine laýyk gelýän derejede bilim bermek we terbiýelemek;
3. Giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň bolmaklary;
4. Edepli-ekramly , ýokary hünärli adamlaryň bolmaklary.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar bilmeli:
- özleriniň raýatlyk hukuklaryny we borçlaryny;
- umumyadamzat gumanistik (ynsanperwerlik) we demokratik gymmatlyklar esasyny;
- jemgyýet we sosial gurluşy, jemgyýetiň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy milli däp-dessurlary;
- dürli çeşmelerden sosial we ykdysady maglumatlary almaklygy.
Temany öwrenmek bilen okuwçylar başarmaly:
- jemgyýeti kämilleşdirmäge ymtylýan adamlar bolmagy;
- watansöýüji, döwlet nyşanlaryna sarpa goýýan adamlar bolmagy;
- sosial orny we derejesi; häzirkizaman jemgyýetinde öz ornuny tapmagy.
Syýasy ulgamyň gurluşy. Monosentristik syýasy ulgam. Plýuralistik syýasy ulgam .
Syýasy ulgamyň gurluşy. Syýasy ulgam häkimiýetiň hereket ediş we ýaşaýyş usulydyr, ýagny onuň jemgyýetiň durmuşynda hakyky görnüşde ýüze çykmasydyr. Syýasy ul
gamyň, esasan, iki sany görnüşi, ýagny monosentristik syýasy ulgam we plýuralistik syýasy ulgam ýaly görnüşleri bar.
Monosentristik («mono» – ýeke, «center» – merkez) syýasy ulgam, adyndan hem görnüşi ýaly, häkimiýetiň bir merkezden amal edilýänligini aňladýar. Şu görnüşli syýasy
ulgam piramidany ýatladyp, onuň çür depesinde iň esasy,ýagny häkimiýeti dolulygyna elde saklaýan, aýratyn bir şahsyýet ýada topar ýerleşýär, ondan aşakda – ýerine ýetiriji edaralar, iň aşagynda bolsa halk ýerleşýär. Başgaça aýdylanda, ýokary häkimiýet buýurýar, ýerine ýetiriji häkimiýet ol buýrugy aşaky gatlaga, ýagny halka ýetirýär, halk
bolsa oňa boýun bolýar.
Plýuralistik (köplük manysyndaky «pluralis» diýen latyn sözünden) görnüşli syýasy ulgam syýasy durmuşyň dürli syýasy edaralary arkaly ýöredilýänligini, jemgyýetde syýasaty amal etmeklige bolan garaýyşlaryň dürli görnüşleriniň barlygyny aňladýar.
Syýasy ulgamyň esasy wezipelerine şu aşakdakylar degişlidir:
● jemgyýetiň ösüşiniň baş ugurlaryny kesgitlemek;
● bellenilen sepgitlere ýetmek üçin zerur bolan serişdeleri
bir ýere jemlemek we ulanmak;
● jemgyýeti düzýän gatlaklaryň arasynda maddy we ruhy gymmatlyklary paýlamak;
● jemgyýetde agzybirligi saklamak, adamlar toparlarynyň hereketlerini utgaşdyrmak;
● kanunlary çykarmak we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.
Syýasy ulgamlaryň hereket edişine has doly göz ýetirmek üçin syýasy režim (düzgün) diýlen düşünjeden giňden peýdalanylýar. Onuň üsti bilen syýasaty öwreniş ylmynda
syýasy ulgamyň hereket edişiniň we häkimiýetiň amal edilişiniň ýollary we usullary häsiýetlendirilýär. Syýasy düzgünler dürlidürlüdir. Ylymda dünýäniň ýurtlarynda gabat gelýän syýasy düzgünleri dört sany görnüşe bölýärler. Syýasy düzgünler totalitar, awtoritar, liberal we demokratik ýaly görnüşlere bölünýär.
5. Täze temany berkitmek: Sorag-jogap alyşmak:
1. Syýasy ulgamlar nähili görnüşlere bölünýär?
2. Syýasy düzgünleriň esasy görnüşlerini häsiýetlendirmäge synanyşyň.
6.Öý işini tabşyrmak:
a)Geçilen temany özleşdirip gelmegi tabşyrmak : §3, sah.26-28.